- utanç
- 1) Adamyň özüni alyp barşyndaki çekinjeňlik duýgusy, uýat.∙ Utanç, haýaň nirde, aýyp dälmidir?! (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Sende utanç, namys bolmazmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)2) Adamçylyk keşbine laýyk gelmeýän iş, masgaraçylyk, abraýsyzlyk, uýat.∙ Indi seniň biziň aramyza düşjek bolup ýörmegiň saňa gaty utançdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.Meselem utanç - utanjy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.